Aşgabat şäheriniñ Ruhyýet köşgünde Prezidentimiziñ gatnaşmagynda Halk Maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ agzalary, Harby hem Hukuk goraýjy edaralarynyñ ýolbaşçylary, ministrlikleriñ ýolbaşçylary, Hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Prezidentimiz maslahaty açyk diýip yglan etdi. Soñra bolsa Ruhyýet köşgünde maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyñ Senasyny ýerine ýetirdiler. Maslahatda Prezidentimiz şu ýylyñ 9 aýynda ýetilen belent sepgitleri bilen tanyşdyryp çykyşyny dowam etdirdi. Dünýäde ilkinji gezek açylan Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän toplumynyñ gurlandygyna şeýle hem Ahal welaýatynda Ahal welaýatynyñ merkezi şäheriniñ düýbi tutulandygyna, paýtagtymyzyñ demirgazygynda ýene-de sanlyja ýyllardan smart city ýagny akylly şäher emele geljekdigine, ýurdumyz sanly ulgamyna geçmek barada ýokary derejede işler alnyp barylýandygyna, şeýle hem oba hojalyk pudagynda uly ösuşlere ýetilýändigini hem Prezidentimiz öz çykyşynda belläp geçdi. Şeýle hem bu maslahatda bir näçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyñ Konstitusiýasynyñ üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusiýon topary döretmek we düzümini tassyklamak hakynda, Döwlet häkimiýetiniñ kanun çykaryjy wekilçilik edarasynyñ işiniñ kämilleşdirilmegi bilen bagly Türkmenistanyñ Konstitusiýasyna esasy kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyñ Prezidenti karar edýär. Türkmenistanyñ Konstitusiýasyna esasy kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunca teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça Konstitusiýon toparyny döretmeli we onuñ düzümini tassyklamaly. Maslahatda ildeşlerimiz, ýaşulularymyz, türkmen edermen esgerimiz, talyp ýaşlar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Watanymyzyñ gülläp ösýändigini wasyp edip, öz ýürek buýsançlaryny beýän etdiler şeýle hem Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ şanly 28 ýyllyk baýramçylygynyñ öñ syrasynda “Türkmen Alabaýy” atly ajaýyp kitabyny peşgeş beren üçin Prezidentimize minnetdarlyk bildirdiler. Çykyşlardan soñra baýramçylygymyzyñ öñ syrasynda zähmet ýolunda tapawutlananlara sylaglanyş dabarasy geçirildi. Bu dabarada Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyñ Türkmenistan ýurduna hemişelik wekilçilik edýän Aksoltan Töräýewna Ataýewany “Türkmenistanyñ Gahrymany” adyny dakdy we “Altyn Aý” medaly bilen sylaglandyrdy. Şeýle hem Prezidentimiz, Türkmenistanda doglup önüp ösen, dünýä orbitasynda 737gün geçiren tejribeli kosmonawt Oleg Kononenko “Türkmenistanyñ Gahrymany” adyny dakdy we “Altyn Aý” medaly bilen sylaglady. Soñra bolsa Türkmenistanyñ raýatlaryna “Türkmenistanyñ Hormatly Il Ýaşulsy” diýen ady dakyldy. Maslahatyñ dowamynda ýatdan çykmajak pursatlaryñ biri boldy, Mukaddes baýramçylygymyzyñ şanly 28 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyñ Konstitusiýasynyñ 81-nji maddasynyñ 9-njy bendine laýyklykda Türkmenistanyñ Mejlisiniñ karary bilen Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa “Türkmenistanyñ Hormatly Il Ýaşulsy” diýen adyny dakmaly. Halk Maslahaty indiki ýyl ýagny 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler.