Sen her gün hakda şeýle pikir et!
Säher bilen sag-aman ören bolsaň, garaňky agşamyň aladasyna baş agyrtma. Sen diňe şu günüňi bilip ýaşa. Haýry-şeri geçip giden düýn barada hem, heniz gelmedik ertir hakda hem agyr oýlara batma. Bu gün seniň üçin dogdy. Bu gündiz seniň üçin ýagtyldy. Sen bir günlük ömür berlen adam mysaly hereket et. Şu günde bitirjek işleriňi ebedilik durmuşyň maýasy hökmünde gör. Sen şu gün bilen dogulmaly, şu gün bilenem ýaşamaly, şonda seniň durmuşyň geçmişiň galagolply gyk-wagyna, gaýgysyna, gamyna büdremez. Geljegiň howsalaly göz öňüne getirmelerinden, gorkuly salgymlaryndan, heniz bolmadyk we aslynda hem bolmajak ýasama tümlüklerinden dowla düşmez. Diňe şu günüň üçin yhlas et! Sebäbi bu gün seniň üçin! Bu seniň günüň! Ähli hyýalyňy, ünsüňi, oýlap tapyjylygyňy, pikirleriňi, aň zähmetiňi we yhlasyňy diňe şu günüňe gönükdir. Işleriňde sazlaşygy sakla, ýagşy gylykly we kysmatyňa razy bol, geýim-gejimiňe üns ber, bedeniň sagdynlygyny sakla, köpe bähbitli işiň başyny tut.
Seniň ýaşaýan şu günüň seniň günüňdir. Sen bu günüň sagatlaryny bölüşdir. Onuň minutlaryndan ýyllary, sekuntlaryndan aýlary ýasa. Bu günde ýagşylyk tohumlaryny ek. Abraýly işleri ornaşdyr, sogaply amallary ýola goý, haýyr işi ugrukdyr. Gozganmaga, hereket etmäge, çynlakaý işlemäge taýýarlan. Şu günüňi şatlykly we şadyýan, asudalykda we arkaýynlykda geçir. Şu günki rysgyňa razy bol. Ýanýoldaşyň, çagalaryň, wezipäň, öýüň üçin, ylmyň we ýeten derejäň üçin şükür et. Sen bu güni gaýgy-gamsyz, darykmasyz, öýke kinesiz, ýaramaz niýetsiz we göriplik etmän geçir.
Sen ýüregiň törüne, kalbyň tagtasyna, hatda oturýan stoluňa hem bir bölek jümläni ýaz “Bu gün seniň bagtly günüňdir”. Sen şu gün mele-myssyk çöregi iýýän bolsaň, düýn iýlen gaty çörek nädip zelel bersin ýa-da gelerine garaşylýan, ýöne heniz gelmedik ertiriň çöregi zyýan edip bilermi? Eger şu gün ýakymly, ýokumly we dury suw içýän bolsaň, näme üçin düýnki günüň duzly, läbik suwuny ýatlap, birahat boljak ýörjek? Ýa-da ertiriň gyzgyn suwuny göz öňüne getirip, örtenjek oturjak?!
Sen bu polat, gaýduwsyz, çydamly, dözümli erkiňe ýüregiň bilen ynansaň, “Ol bagtly güne çenli ýaşap bilmerin” diýen batyl garaýşy dyza çökerersiň. Şol pursatda şu günüň her bir pursadyny öz dünýäňi gurmagyň, özlügiňi berkitmegiň, ukyp-zehiniňi ösdürmegiň, ruhuňy taplamagyň, nebsiňi päklemegiň ugruna bagyş edersiň. Her pursady netijeli ulanmaga çalşarsyň. Sen özüňe aýt: “Gel, şü gün: gowy we ýakymly gürlemäge endik edeýin, paýyş sözleri dilime almaýyn, çylkasyz gürlemäýin, sögünmäýin, gybat etmäýin. Gel şu günlükçe: öýümi we iş stolumy tertibe salaýyn. Özüme agram salmazdan, duýgularymda büdremezden, şu günüň işlerini höwes bilen ýerine ýetireýin. Bu nyzamlylyk we tertiplilikdir. Men diňe şu günüm üçin ýaşaýyn! Şu gün ýuwunaýyn, bedenimi arassalaýyn, özüme seredeýin, üstüme serenjam, syratyma üns bereýin. Ýöreýşimde, gürleýşimde, her bir hereketlerimde sazlaşygy, sypaýylygy we syrdamlylygy saklaýyn.Peýdaly kitaplary okaýyn. Gymmatly maglumatlary belläp alaýyn.
Diňe şu gün üçin ýaşamaly bolsa, goý şeýdeýin. Gel, şu gün ýüregime mertebe nahallaryny oturdyp, haýyr hasylyny gämikledeýin. Ol ýerdäki şer daragtyny we onuň ulumsylyk, özüňe göwnüýetijilik, ikiýüzlülik, göriplik, kineçillik, içi kitüwlilik, gözboýagçylyk, zandyýamanlyk ýaly tikenli şahalaryny köki bilen sogrup çykaýyn.
Men şu gün özgelere peýda bermek, ýagşylyk etmek üçin ýaşaýyn. Her kese haýyr-yhsan, gözel işler edeýin. Syrkaw-hassalaryň halyny soraýyn. Gaýgyly adamlary gaýgysyndan açaýyn. Naçar-mazlum bilen bile duraýyn. Agyr güne uçranlara duýgudaşlyk, teselli bereýin. Diňe şu gün üçin ynam bilen ýaşaýyn, diňe şu gün üçin yhlas edip işläýin.
Eý ötüp giden, tamamlanan, ýok bolan geçmiş. Sen şol batan günüň ýaly bolup meniň dünýämden, aladalarymyň arasyndan aýrylyp ötägit. Sen bizi taşlap, bizi terk edip, bizden uzaklaşyp gitdiň we biziň ýanymyza indi ömüralla hem gaýdyp gelmersiň.
Eý gelejek! Sen heniz gaýyp älemde, men hyýaly arzuwlar we garabasma düýşler bilen iş salyşmaýaryn. Men özümi heniz bolmadyk, belki-de, asla bolmajak gorkulara, howsalalara eýeletmerin.
Şu gün seniň günüňdir! Durmuşy hakyky öz ajaýyplygynda we gözelliginde görmek isleýän adamyň bagtyýarlyk sözlügindäki iň owadan jümleler şular bolmalydyr: Bu gün seniň günüňdir! Sen ony diňe gowulyk we gözellik bilen ötür! Diňe şu günüň üçin yhlas et, çünki bütin gelejek her günki “şu günlerden” ybaratdyr.